
Täzelikler
34

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde, bilim we ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara derejesine ýokarlandyrmak we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu asylly işleriň çäklerinde, milli buýsanjymyz bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şan-şöhratyny artdyrmak, atçylyk sporty we milli at üstündäki oýunlary ylmy esasda ösdürmek, şeýle hem ýokary hünärli atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär.
Şu maksatlara laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmak üçin taryhy ädim ädildi. 2026-njy ýylyň 29-31-nji ýanwary aralygynda Katar döwletiniň Atçylyk federasiýasynyň çakylygy boýunça Akademiýanyň rektory we wekiliýetiniň bu ýurda amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» dabaraly ýagdaýda gol çekildi. 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen we Katar atçylyk federasiýasynyň Prezidenti Bader Mohammed Al Darwişiň, Kataryň Emiriniň "Al Shaqab" atçylyk toplumynyň ýerine ýetiriji başlygynyň orunbasary Halid Abdullah al-Hatmiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew Hojamuhammedowiçiň gatnaşmagynda bolup geçen duşuşykda gol çekilen bu resminama iki ýurduň arasyndaky ylym, bilim, innowasiýa we atçylyk sporty ugrundaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny has-da berkitdi.
Bu Ähtnama iki tarapyň arasynda tejribe alyşmak we atçylyk pudagy üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda täze mümkinçilikleri açyp, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösmegine uly itergi berer. Atçylyk sportuny we bu asylly pudagy ösdürmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýän, ahalteke bedewlerimiziň halkara abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu ýere gatnaşyjylar tarapyndan çuňňur minnetdarlyk sözleri beýan edildi.
Söýenç AHMEDOW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.