
Täzelikler
87

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça 4-nji integrirlenen olimpiada guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.
Olimpiadanyň I tapgyry etrap derejesinde bolup, ol etrap merkezinde geçiriler. I tapgyra gatnaşjak etraplardaky mekdeplerden iň zehinli okuwçylaryň 20 sanysyny mekdebiň özi hödürleýär. I tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri hem-de zehin soraglary boýunça bolup, ol guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. I tapgyr 2026-nji ýylyň mart aýynyň 10-17-i aralygynda geçiriler.
Olimpiadanyň II tapgyry welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher derejesinde bolup, ol I tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda welaýat merkezinde we paýtagtymyzda geçiriler. II tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolup, olar guramaçylyk topary tarapyndan düzüler. II tapgyr 2026-nji ýylyň 8-nji aprelinde geçiriler.
Olimpiadanyň III tapgyry, ol II tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2026-nji ýylyň iýun aýynda geçiriler. Jemleýji tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolar. Okuwçylaryň tomusky dynç alyş bilen bagly çykdajylary uniwersitetiň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna üpjün edilýär.
Bu olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Ýeňiji bolanlara uniwersitetiň diplomy we sowgatlary gowşurylar. Uniwersitet tarapyndan ýeňiji bolanlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmeklerine ýardam bermek maksady bilen, «Teklip haty» (Recommendation letter) berler.
Has giňişleýin maglumat almak üçin https://etut.edu.tm/news/262 internet sahypasyna girip, tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99365878870 - Aşgabat şäheri boýunça jogapkär,
+99362090903 Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça jogapkär,
+99361620404 Balkan welaýaty boýunça jogapkär,
+99364088054 Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär,
+99371100146 Lebap welaýaty boýunça jogapkär,
+99362128236 Mary welaýaty boýunça jogapkär.
elektron poçta: oguzzehin@gmail.com
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.