
Täzelikler
81

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa 30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, täze elektron neşir arkaly ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Elektron neşirde professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga uly üns berilýändigini, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.