
Täzelikler
29

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy we halkara bäsleşiklerinde ýurdumyzyň abraýyny belende götermegi baradaky aladalarynyň netijesinde, türkmen talyplary halkara giňişliginde nobatdaky uly üstünlige eýe boldular.
Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen halkara ders olimpiadasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary ýokary netijeleri görkezdiler. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde türkmen ýaşlary himiýa we matematika dersleri boýunça tapawutlandylar.
Himiýa dersi boýunça geçirilen şahsy bäsleşikde uniwersitetiň Dil öwreniş bölüminiň talyby Läle Garlyýewa we 3-nji ýyl talyby Humaý Meredowa baýrakly 3-nji orunlary eýeläp, bürünç medallara mynasyp boldular. Şeýle hem, uniwersitetiň himiýaçylar topary toparlaýyn bäsleşikde çylşyrymly meseleleri çözmekde görkezen ukyplary üçin "Best team strategy in complex chemical problems" diýen halkara sylaga, ýörite diploma we kubaga eýe boldylar.
Matematika dersi boýunça hem talyp ýaşlarymyz öz bilimlerini dünýä äşgär etdiler. Şahsy bäsleşikde uniwersitetiň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Şakirjanow hem-de magistraturasynyň talyby Döwran Myradow uly ussatlyk görkezip, hormatly 2-nji oruna we kümüş medallara eýe boldular. Mundan başga-da, uniwersitetiň matematikler topary özüniň oýlanyşykly we logiki netijeleri üçin "Outstanding logical reasoning award" diýen halkara sylaga, ýörite diploma we kubaga mynasyp boldylar.
Bu gazanylan üstünlikler ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň, ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikleriň nobatdaky dabaralanmasydyr. Halkara derejesindäki bu ýeňişler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dünýä ylmyna goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.
Talyplarymyzy we olary taýýarlan mugallymlary bu dabaraly ýeňşi bilen gutlaýarys!
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.