
Täzelikler
45

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, ylym bilen meşgullanmaklary, daşary ýurtlaryň talyplary bilen tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, 2026-njy ýylyň 24-29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Buhara halkara matematika we himiýa olimpiadalarynda gazanylan üstünlikleri görkezmek bolar.
Matematika we himiýa dersleri boýunça geçirilen halkara olimpiadalarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 5 talyby ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Matematika dersinden geçirilen halkara bäsleşiginde Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Bendow Kerimguly Maksatgulyýewiç altyn medala we I derejeli diploma, şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Haýytmuhammedow Yslam Myradowiç bolsa kümüş medala we II derejeli diploma mynasyp boldular. Himiýa dersinden geçirilen halkara bäsleşiginde Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Bahtyýarow Azim Bahtyýarowiç kümüş medala we II derejeli diploma, Batyrow Abdyrahim Serdarowiç hem-de Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Talibžonow Jemşit Talibžonowiç bürünç medala we III derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň abraýly halkara olimpiadalarynda gazanan 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medallary we degişli diplomlary Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky edýän yzygiderli aladalarynyň aýdyň netijesidir. Gazanylan bu üstünlikler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ─ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan ilkinji üstünlikleriň biri bolup, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da berkitdi.
Halkara derejesinde gazanylan bu üstünlikler ýurdumyzda bilim ulgamynyň täze belentliklere çykýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz ýaşlara döwrebap bilim almaga, dünýä derejesindäki bäsleşiklerde ýurdumyzyň mertebesini belende götermäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirýäris. Ýaş nesilleriň zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.