
Täzelikler
37

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde talyp ýaşlar üçin uly intellektual bäsleşikler, ýagny BIMO-2026 we BIChO-2026 geçirildi.
Olimpiadalar 2026-njy ýylyň 25-28-nji ýanwary aralygynda Buhara Döwlet Uniwersitetinde (Buhara, Özbegistan) geçirildi. BIMO-2026: Halkara Matematika Olimpiadasy, BIChO-2026: Halkara Himiýa Olimpiadasy.
Halklara bäsleşiklere Özbegistan, Türkmenistan, Russiýa, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Azerbaýjan, Iordaniýa we Täjigistan ýaly 10-dan gowrak ýurtdan 500-den gowrak talyp we 100 topar gatnaşdy. Olimpiada birnäçe tapgyrdan ybarat boldy:
Şahsy tapgyr: Talyplar matematika we himiýa dersleri boýunça çylşyrymly meseleleri çözüp, şahsy bäsleşdiler.
Toparlaýyn tapgyry: Gatnaşyjylar öz bilim edaralaryny wekilçilik edip, toparlarda öz üstünliklerini görkezdiler.
Bäsleşikleriň dowamynda professorlar we mugallymlar takyk ylymlary öwretmek usullary boýunça tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler döredildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Buharanyň taryhy ýadygärliklerine gezelenç etdiler.
Geçirilen bu halkara olimpiadalar köp gatnaşyjylar, esasanam türkmen talyplary üçin üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ajaýyp netijeleri görkezdiler we jemi 46 medal (17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç) gazandylar.
Bäsleşikleriň guramaçylary, adatça, öz aýratynlyklaryny goşmak bilen, halkara ýaryşlarynyň, ýagny matematika boýunça IMC we himiýa boýunça IChO ýaly halkara olimpiadalarynyň ülňülerine eýerýärler.
BIMO (Matematika) gatnaşyjylary:
BIChO (Himiýa) gatnaşyjylary üçin:
BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalaryna gatnaşmak talyplar üçin möhüm waka boldy. Bäsleşigiň özünden başga-da, talyp ýaşlar dünýäniň dürli künjeginden umumy gymmatlyklary paýlaşýan talyplar bilen duşuşmak mümkinçiliginden has täsirlendiler. Talyplar üçin bu diňe bir olaryň matematika ýa-da himiýa ukyplarynyň synagy däl, eýsem dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin hem mümkinçilik boldy. Ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri ýaş neslimiziň ylymda, bilimde, sungatda, medeniýetde we sportda öz mümkinçiliklerini amala aşyrmak arkaly Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan ylym-bilim syýasatyna mynasyp goşant goşýandygyny görkezýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.