
Täzelikler
530

Ýaponiýanyň paýtagtyndaky Milli çeperçilik merkezinde "Çäksiz sungat" atly mekdep okuwçylarynyň surat eserleriniň sergisine gatnaşyjylaryna minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarda, türkmenistanly okuwçylar hem bu agzalan çärä gatnaşyp, sylaglara mynasyp boldular.
"Çäksiz sungat" atly mekdep okuwçylarynyň surat eserleriniň sergisi 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwaryndan 1-nji fewraly aralygynda "Ýaponiýa-Ýewraziýa" jemgyýeti we "SUMI" halkara assosiasiýasy tarapyndan geçirildi.
Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri serginiň Türkmenistana bagyşlanan aýratyn böleginde görkezildi.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.