
Täzelikler
524

Ruhy gymmatlyklaryň toplanan ýeri bolan kitaphanalar ynsan aňynyň ösüşiniň gözbaşydyr. Şol ruhy gymmatlyklary ýaş okyjylaryň aňyna ornaşdyrmak, olarda kitaba bolan gadyr-gymmaty, kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak mekdep kitaphanaçylarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Mekdep okuwçylaryny terbiyelemekde, olarda edebiyata bolan höwesi ösdürmekde kitaphanaçylar hem mugallymlar bilen deň-derejede jogapkärdirler. Mekdep – bilimler dünýäsinde mukaddes ojak bolsa, kitap – taýsyz hazyna. Kitap bilen ynsanyň aňy özgerýär, gözýetimi giňäp, bilimi artýar. Kitaplara bolan söýgi çagada pikirlenmek, oýlanmak ukybyny döredýär. Ýaşajyk şahyrlaryň, suratkeşleriň ýüze çykmagynda, elbetde, kitaplaryň ähmiýeti has-da uludyr.
Ýurdumyzda kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar boýunça Döwlet maksatnamasynyň” we “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” çäklerinde uly işler durmuşa geçirilýär.
Ýakynda Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 4-nji, 12-nji, 30-njy, 32-nji orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda, şäheriň 12-nji orta mekdebiniň kitaphanasynda geçirilen wagyz-nesihat çäresi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlandy. Çärede “Bedew batly Diýarym!” ady bilen ýaýbaňlandyrylan kitap sergisi we okuwçylaryň buýsançly goşgulary çäräniň täsirliligini artdyrdy. Sergide, esasan, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri barada ýazan kitaplary we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze nusgalyk kitaplary, şeýle-de çagalar üçin niýetlenen birnäçe kitaplar ýerleşdirildi. Ady agzalan mekdepleriň kitaphanaçylary ýylyň şygary we ajaýyp kitaplaryň her biriniň baý many-mazmuny barada bu ýere gelen mugallymlara hem-de okuwçylara giňişleýin maglumat berdiler. Bu kitaplaryň nusgalyk gollanma hökmünde öwrenmek we bilim bermek işinde peýdalanylmagynyň gymmaty barada wagyz edildi.
Bize – kitaphanaçylara işlemäge şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýurekden sag bolsun aýdýarys. Goý, olaryň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
Maýagözel Petdahowa,
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň
32-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.