
Täzelikler
43

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy «Biotehnologiýalaryň esaslary» atly ylmy işe awtorlyk hukugyny hasaba aldy.
Türkmen we iňlis dillerinde hödürlenen ylmy iş «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýarlanyldy. Taslama pudagyň strategik kuwwatyny açyp görkezmek bilen, onuň döwlet ösüşi üçin amaly ähmiýetini esaslandyrýar.
Awtorlar häzirki zaman barlaghanalarynyň sanly kodlaryň deregine janly öýjükler we molekulalar bilen işlenilýän ýokary tehnologiýaly merkeze öwrülendigini subut edýärler. Tekstde ylmyň tebigy çig maly nähili usul bilen ýokary netijeli biomateriallara öwürýändigini görkezýän barlaghana amallarynyň algoritmi jikme-jik beýan edilýär.
Oba hojalygyny we ekologiýany özgerdýän innowasiýalara, şol sanda täze nesliň ulgamlaryny döretmek üçin tebigy obýektleriň ulanylyşyna aýratyn üns berlipdir. Barlagyň iki dilde çap edilmegi ony hem ýerli hünärmenler, hem-de halkara ylmy jemgyýetçiligi üçin elýeterli edýär we özara tejribe alyşmaga ýardam berýär.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.