
Täzelikler
79

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň we aspirantlaryň gatnaşmaklarynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Maslahat mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň sergisi, institutyň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň gazanan üstünliklerini we olaryň taýýarlan ylmy-taslama işlerini şöhlelendirýän giň gerimli sergi gurnaldy. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän kitaplarynyň ýaş nesli terbiýelemekde uly bir görelde mekdebi bolup durýandygy, Milli Liderimiziň bu edebi-filosofik eserleriniň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň özboluşly jemlenmesi bolup durýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Maslaharyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.