
Täzelikler
99

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny ders bäsleşiklerine gatnaşmaga çagyrýar.
Okuwçylar üçin matematika, fizika, himiýa we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary okuw dersleri boýunça olimpiadalar geçiriler. Ders bäsleşikleriniň birinji tapgyry degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji aprelde geçiriler. Ikinji tapgyr 29-njy aprelde bolar.
Olimpiadalar test usulynda şahsy bäsleşikler görnüşinde döwlet dilinde geçirilýär. Intellektual bäsleşikleriň I, II we III orunlaryny eýelän ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.
Gatnaşmaga ýüztutmalary bermek üçin 25-nji marta çenli bellige alyş namasy doldurylmalydyr we ol tdbgiobolymp@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna iberilmelidir. Gatnaşjaklar üçin giňişleýin maglumatlar institutyň resmi saýtynda elýeterlidir.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.