tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda 4-nji innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini geçirýär!

07.02.2026

1028

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda 4-nji innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini geçirýär!

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly hem-de “Ylymlar güni” mynasybetli ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ähli ýaş raýatlarynyň arasynda 4-nji innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini geçirýändigini yglan edýär.

Ýaşlar bäsleşige web sahypalarynyň we programma üpjünçilikleriniň, mobil goşundylaryň, robotlaryň, elektron enjamlaryň işjeň ýagdaýyndaky nusgasyny, sanly we innowasion ykdysadyýetiň modellerini, hyzmatlaryň innowasion görnüşlerini, himiki we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalar boýunça taslamalary, oba hojalygy, lukmançylyk ýa-da islendik beýleki ugurlar boýunça öz işlerini we pikirlerini hödürläp bilerler.

Teklip edilýän taslamalaryň täze pikirleriň esasynda döredilen ýa-da kämilleşdirilen bolmagy hökmanydyr.

Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigi 2 tapgyrda geçirilýär.

I tapgyr – Bäsleşige gatnaşmak diňe ýekelikde amala aşyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli etut.edu.tm web sahypasyna (https://etut.edu.tm/competitions/1) ýüzlenmek arkaly ýa-da Düzgünnamanyň 1-nji goşundysyna laýyklykda maglumatlary oguztaslama2026@gmail.com elektron poçtasyna öz taslamasy barada maglumaty ugradyp, hasaba durmaly. Hasaba alnan gatnaşyjylar taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany Düzgünnamanyň 2-nji goşundysyna laýyklykda prezentasiýa görnüşinde (mümkin bolsa goşmaça 1-3 minutlyk düşündirişli wideo ýazgy) 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli Düzgünnamanyň 3-nji goşundysynda görkezilen Google-forum: (https://forms.gle/MRsuiurY1UPURxmn8) sahypasyna ýüzlenmek arkaly ýüklemeli ýa-da oguztaslama2026@gmail.com elektron poçtasyna ibermeli. Netijeler 2026-njy ýylyň 20-nji maýyna çenli Guramaçylyk topary tarapyndan yglan ediler we bu barada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň (etut.edu.tm) internet sahypasynda hem-de gatnaşyjylara jaň etmek ýa-da sms arkaly habar berler.

II tapgyrda I tapgyryň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 5-12-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde gurnaljak innowasion tehnologiýalaryň sergi-bäsleşigine öz işleri bilen gatnaşarlar. Bu sergi bäsleşigine ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň we öňdebaryjy telekeçileriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Bu tapgyryň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirýän Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanarlar. (Baş baýrak – 1 sany, I orun - 2 sany, II orun - 4 sany, III orun - 6 sany). Olara Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan okuwa girmekde, işe ýerleşmekde zerur bolan teklip haty (Recommendation letter) gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

+99363719633;

+99364973936;

+99361788555;

+99365596853; 

+99364921722;

+99364479512

Elektron poçta: oguztaslama2026@gmail.com,

Web sahypa: etut.edu.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz