
Täzelikler
148

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa Hökümetiň nobatdaky mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi.
Ýanwar aýynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Şunuň bilen bir hatarda, bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde halkara tejribeden ugur almagy, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.