
Täzelikler
210

Türkmenistanyň okuwçylary Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçirilýän “Central ASIA FIRST Championship 2026” alty STEM (ylym,tehnologiýa, inženerçilik we matematika ) olimpiadasyna gatnaşýarlar.
FTC – ABŞ esaslandyrylan, dünýädäki iň uly tehnologiýa guramasy bolan First Global guramasy tarapyndan alnyp barylýar. Her ýyl täze wezipeler berilýär we şol wezipeleri ýerine ýetirip biljek robot awtonomlary taýýarlamagyny isleýärler.
100-den gowyrak döwlet, 7000-den köp topardan 70 000-den gowyrak okuwçynyň bäsleşýän iň uly robot çempionatydyr.
Çempionat ilki Sebitleýin, 30 döwletde (Merkezi Aziýa tapgyry Gazagystanda), we Final tapgyry ABŞ niň Huston welaýatynda geçirilýär. Final tapgyryna gatnaşmak üçin Sebitleýin geçirilýän tapgyrda 400-den gowyrak topardan saýlanan 60 topar bilen bäsleşerler.
Türkmenistan bu bäsleşikde ilkinji gezek 2025-nji ýylda gatnaşyp “Halkara üstünlik” atly baýragyny gazanmagy başardy.
Bu ýyl hem bu abraýly bäsleşige ýurdumyzdan, OguzRobot #28909 nomer bilen we Erjeller #28930 nomer bilen, iki topar gatnaşar.
Oguz Robot Toparynyň agzalary:
1. Aýnagözel Keýmirowa- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
2. Rejepow Oraznyýaz- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
3. Täçmyradow Nepesaly- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
4. Kerimow Nuraly- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 9-njy synp okuwçysy.
5. Jumamyradow Nazar- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
Erjeller toparynyň agzalary:
1. Kurbanowa Dürdäne- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
2. Babajyýew Arslan- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
3. Merdanow Orazmuhammet- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
4. Baýryýew Meýlis- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiň 9-njy synp okuwçysy.
5. Ataýew Pirnazar- Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji mekdebiň 9-njy synp okuwçysy.
Türkmenistanyň Bilim ministrlirgi
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.