
Täzelikler
113

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň II ýarymy başlandy. 2025-2026-njy okuw ýylynyň II ýarymynyň ilkinji okuw sapagy 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip, atlandyrylmagy bilen baglanyşykly geçirildi. Sapagyň dowamynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip, atlandyrylmagy barada, 2026-njy ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen her bir şekiliň many-mazmuny barada aýdylyp, her bir täze ýyla dakylýan atlar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada talyp ýaşlara giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumyzda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.