
Täzelikler
7

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynyň buýsançly sahypalary, türkmen sportunyň dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagy, halkara sport çäreleridir ýaryşlarynda ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzyň wagyz edilmegi hem milli buýsanjymyzy artdyrýar.
Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek üçin döredilen mümkinçilikler, bu ugurda edilýän tagallalaryň ajaýyp miweleri sportuň dürli görnüşleri boýunça milli mekdebiň tejribesiniň barha kämilleşdirilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabynda: «Sport oýunlary öz taryhy boýunça medeniýetiň köklerini açyp görkezýär, milli özboluşlylyklara düşünmegiň aýdyň ýoluny alamatlandyrýar. Bili guşalgy, özüni kemsiz ele alan pälwanyň, paýhas bilen oýlanyşykly göçüm edýän küştçiniň, bedewinde täsin oýunlar edip, görenleri haýran galdyrýan atly gerçegiň jemgyýetdäki ornuny öwrenmek o diýen çylşyrymly däldir. Bulary belleýändigim sportuň halklaryň medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşykly bolandygy üçindir» diýip nygtaýar. Sporta, bedenterbiýä, sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgi türkmen halkynyň milli medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr. Beýik halkymyzyň ahalteke bedewi, alabaý iti ýaly naýbaşy gymmatlyklarynyň sportuň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň nyşany hökmünde dünýäde ykrar edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda geçiriljek duşuşygyna uly taýýarlyk görülýär. Golaýda Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Olimpiýa şäherçesi mähriban Diýarymyzyň sport taryhynyň beýik üstünligidir. Biz bu gün Milli Liderimiziň 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda: «Täze guruljak Olimpiýa şäherçesiniň ýene-de sanlyja ýyldan ýurdumyzda sporty has-da ösdürmäge, berk bedenli, ruhubelent, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly goşant goşjakdygyna, bu ýerde dünýäniň çar künjünden geljek türgenleriň gatnaşmagynda iri halkara ýaryşlaryň geçirilip, iň ýokary sport üstünlikleriniň gazanyljakdygyna berk ynanýaryn» diýen sözleriniň wysalyny, «Olimpiýa şäherçesi geljekde dostlugyň mekanyna öwrüler» diýen belent maksadynyň myradyny görýäris.
Türkmen sportunyň ýeňişli menzilleri, şol sanda 2023-nji ýylda Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň döredilmegi hem-de onuň geçen gysga döwürde gazanan üstünlikleri, şan-şöhraty Watanymyzyň abraýydyr. «Dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri hakynda eşidenimde, ýakymly duýgulary başdan geçirýärin. Şol şatlykly habarlar ýurdumyzyň her bir raýatyny hem biparh goýýan däldir, guwandyrýandyr, kalbyny buýsanja besleýändir diýip pikir edýärin. Bu üstünlikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçiliklerimiziň ajaýyp miwesidir» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 15-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurmagy, şeýle dabaralary geçirmegiň ýurdumyzyň sport durmuşynda asylly däbe öwrülmegi milli sportumyzyň milli buýsanjymyzdygyny äşgär edýär.
Milli gymmatlyklarymyzyň sport ýaryşlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy türgenlerimiziň watansöýüjiligini, milli buýsanjyny hem artdyrýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, türgenlerde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan beýleki fiziki şahslarda watançylygyň we milli aňyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek, ýurdumyzda ykrar edilen sportuň görnüşlerini, şol sanda sportuň milli görnüşlerini ösdürmek bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Mälim bolşy ýaly, «Aziada — 2017-niň» esasy nyşany bolan alabaýyň şekili türkmen türgenlerini uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekiliniň ýazgysynda bellenilişi ýaly, alabaý türkmen durmuşynda maşgala ojagynyň, abadançylygyň goragçysy bolup durýar. Ol ynsana ýakyn dost, eýesine wepaly, sürini, öýi, emlägi sak durup goraýjy, batyr, gaýduwsyz, buýsançly. Şu nukdaýnazardan, V Aziýa oýunlarynyň şekili bolan alabaýa Wepaly diýip at dakyldy. Wepaly dogruçyl, adalatly we aýgytly hereket etmegiň, garşydaşy ýeňmegiň — ýeňşiň alamatydyr. Hawa, ynam, umyt edilişi ýaly, ol türkmen türgenlerini öz gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýörelgesine eýerdip, V Aziýa oýunlarynda sport ýeňişlerine ýetirdi. Wepalynyň milli geýimleri onuň özboluşlylygynyň ýene bir tarapydyr. Bu gezek hem alabaýyň şekili halkara futbol duşuşygynyň nyşany hökmünde seçilip alyndy.
«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlarynyň 11-nji fewralda geçiriljek duşuşygy bilen tutuş dünýäniň sport janköýerleriniň ünsüni ýene bir ýola özüne çekjek Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde dürli maksatly 30-dan gowrak desga ýerleşýär. Olar bu ýere gelýänleriň, şol sanda türgenleriň, tälimçileriň hyzmatynda. 45 müň orunlyk, Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadiony bolsa şäherçäniň iň esasy desgalarynyň biridir. Onda sportuň futbol, atletizm görnüşleri boýunça halkara we dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşlary geçirmäge ähli döwrebap mümkinçilikler bar. Bu desga uly sport baýramçylyklarynyň we döwlet derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleriň dabaralandyrylýan esasy merkezleriniň biridir. Milli Liderimiz ýakynda stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary we beýleki mümkinçilikleri bilen içgin tanşyp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň möhüm wezipedigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolan bäsleşigiň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Bu ýerde futbol janköýerleri we tomaşaçylar üçin ähli zerur şertler döredildi. Milli Liderimiziň tabşyryklaryna, öwüt-nesihatlaryna eýerilip, futbol ýaryşynyň dünýäde giňden beýan edilmegi bilen baglanyşykly meselelere-de hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary, dünýäniň ösen tejribesi işjeň ulanylar.
Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň haýyşlaryny kanagatlandyrmagy bilen, paýtagtymyzyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylarynyň ýakynda Olimpiýa şäherçesine barmagy we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy iri futbol ýaryşyna taýýarlyk görülýän günlerdäki buýsançly wakalaryň biri boldy. Munuň özi ýurdumyzda sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýändiginiň, geljekde ata Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrjak türgenleriň täze nesliniň kemala gelýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde dürli ýyllarda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionaty, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda guralan tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşy bar.
Ýurdumyzda stadionlaryň, häzirki zaman sport toplumlarynyň binagärlik gurluşynda hem milli aýratynlyklary görmek bolýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda, Olimpiýa şäherçesiniň bezeglerinde milli öwüşginler beýanyny tapdy. Olar sagdynlygy, has dogrusy, Aşgabat Aziadasynyň «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygaryny alamatlandyrdy. Olardan ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň milli gymmatlygydygy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandydygy äşgär bolýar. Görkana keşbi sport desgalaryny bezeýän ahalteke bedewi bütin dünýäde özüniň ýyndamlygy, üşükliligi, çydamlylygy we haýran galdyryjy gözelligi bilen bellidir. Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi bolsa atyň dünýäde iň uly binagärlik nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň teklibine laýyklykda, Olimpiýa stadionynda ýerleşdirilen bedewiň şekili, halkymyzyň asylly däbi esasynda, üzärligiň dessesi we örülen alaja bilen bezeldi. Bular hem türkmen milletiniň milli buýsanjynyň nyşanydyr.
Milli Liderimiz «Arkadag» futbol toparynyň türgenleriniň yhlasyny gaýgyrman, arassa hem owadan oýun görkezjekdiklerine ynam bildirdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly biziň her birimiz üçin düşümli, döwletli ýyldyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «At — myrat» ynamy halkymyzyň durmuş tejribesiniň akyl-paýhas gönezligidir. Ezelinde gözelligi nusgalyk bolup dünýä inen bedewler bizi maksat-myradymyza ýetirýär. Bedew münen menzil aşýar.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.