
Täzelikler
108

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli amala aşyrýan tagallalary esasynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda amala aşyrýan işleri dünýäde goldaw tapýar, bu bolsa Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýänligi şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen bu çäre «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ýewropa Bileleşiginiň Ylmy-barlag we Innowasiýa (R&I) boýunça maksatnamasynyň gurluş esaslaryny, ýurdumyzyň bu maksatnama laýyklykda alyp barýan daşary syýasatyny we Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan alymlar we innowatorlara bolan aýratynlyklar barada ýakyndan tanyşmaga ýardam berdi. Ýewropa Komissiýasynyň Global Hyzmat Guralynyň (GSF) wekili hanym Kseniýa Sawçenko öz çykyşy bilen çäräniň ähmiýetini artdy.
Geçirilen çäräniň maksatlary Horizon Europe (HE) maksatnamasynyň - Ýewropa Bileleşiginiň Ylmy-barlag we Innowasiýa (R&I) boýunça maliýeleşdiriş maksatnamasynyň – umumy synyny bermäge niýetlenendir. Şeýle hem Horizon Europe-nyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş maksatnamalary tanyşdyryldy.
Şeýle-de bu iş duşuşygynyň dowamynda bu çärä gatnaşyjylar Horizon Europe maksatnamasynyň gurluşy şeýle-de degişli maliýeleşdiriş ugurlarynyň we tematik ugurlary barada umumy düşünje aldylar.
Ýygnaga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ýokary ähmiýetli çäreleri gurnamaga we gatnaşmak üçin döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.