
Täzelikler
94

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýär. Şygarda bedew batly at türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlylygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär.
2026-njy ýylyň nyşany hem ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýar. Ol ykdysady, medeni we ruhy ösüşlere gönükdirilen belent maksatlaryň nyşany bolup çykyş edýär.
Häzirki döwürde milli medeni mirasyň, watançylyk ruhunyň we döredijilik taýdan özboluşlylygyň ýaş nesilleriň aň-düşünjesinde kemala getirilmegi möhüm ylmy-pedagogik we medeni meseleleriň biridir. 2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Bedew batly Watanym» atly akademiýanyň altyn fondundaky talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisi açyldy. Talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisi milli sungatyň ösüşinde, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmakda we estetik terbiýäni kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu sergi Watany söýmek, milli buýsanç, türkmen tebigatynyň gözelligi, bedew atçylyk sungaty we taryhy-medeni gymmatlyklaryň çeper beýan edilmegi ýaly düşünjeleri özünde jemleýär. Sergide görkezilen eserlerde bedew at türkmen halkynyň azatlygyň, gaýduwsyzlygyň we gözelligiň nyşany hökmünde wasp edilýär.
Ýaş talyplaryň döredijilik işlerinde Watanyň keşbi diňe bir geografik giňişlik hökmünde däl-de, ruhy-medeni dünýä hökmünde açylyp görkezilýär. Bu ýagdaý ýaş döredijileriň milli gymmatlyklara ylmy taýdan düşünýändigini we olary döwrebap çeper serişdeler arkaly beýan edip bilýändigini subut edýär.
Aýlar EKÄÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.