
Täzelikler
157

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda 2026-njy ýylyň 26-njy ýanwary — 7-nji fewraly aralygynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Informatika dersi boýunça olimpiada geçirildi.
Jemleýji tapgyra 100 okuwçy gatnaşyp, ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar, medallar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
11-nji synpa çenli okuwçylaryň arasynda 3 sany I orun, 6 sany II orun, 8 sany üçünji orun kesgitlenildi. 12-nji synp okuwçylaryň arasynda 4 sany I orun, 6 sany II orun, 8 sany üçünji oruna mynasyp boldylar.
Bu olimpiada okuwçylaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. Oňa gatnaşan okuwçylar degişli ders boýunça taýýarlygynyň ýokary derejededigini görkezdiler.
Çeşme: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.