
Täzelikler
115

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Ajaýyp at berip ýylyň adyna, bat goşduňyz ösüşleriň badyna” ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Çärede çykyş edenler bu ajaýyp şygaryň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi bolup durýandygyny, munuň özi bolsa ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny has-da belende göterjekdigini, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan işlere şahsy goşant goşmaga höwesini artdyrjakdygyny buýsanç bilen bellediler.
Gadym döwürlerden bäri ajaýyp halylar, nepis şaý-sepler bilen bir hatarda ahalteke bedewleri hem halkymyzyň baýlygy hasaplanýar. Bedew milli mirasymyzyň halkymyz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen we kämilleşdirilen ajaýyp nusgasy hökmünde Watanymyzyň ösüşleriniň nyşanyna öwrüldi.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ahalteke bedewleri – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew’’, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynyň hem Milli Liderimiziň behişdi bedewlerimize goýýan sarpasyndan nyşan bolup, ahalateke bedewiniň buýsançly şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy-da “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemekdäpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi-de bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligidir.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň uly üstünlikler gazanyp, özboluşly çykyşlary bilen dünýäni haýran galdyrmagy hem türkmen bedewlerimiziň şan-şöhratyny ýene bir gezek dünýä ýaýdy we buýsançly başymyzy belende galdyrdy.
Çäräniň dowamynda okuwçylar tarapyndan bedewlerimizi wasp edýän labyzly okalan şygyrlar, ýerine ýetirilen aýdym-sazlar çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda edýän ägirt uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdylyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maral Gapurowa,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
132-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.