
Täzelikler
124

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäginde durmuşa geçirilýän işleriň möhüm ugurlarynyň biri-de pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň mugallymçylyk ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek babatynda alnyp barylýan işlerdir. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna hem möhüm ähmiýet berilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň 10-njy fewralynda ÝUNESKO-nyň Bilimde informasion tehnologiýalar boýunça institutynyň, Moskwanyň döwlet pedagogik uniwersitetiniň bilimde şahsyýetiň mümkinçilikleriniň ösüşi laboratoriýasynyň, Russiýa Federasiýasyndan «Gelejege goşant» atly haýyr-sahabat gaznasynyň guramaklarynda «Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak» atly hünär kamilleşdiriş maksatnamasy boýunça ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin usuly-amaly okuwlar başlandy. Sanly ulgam (onlaýn düzgüninde) geçirilýän Bu halkara usuly-amaly okuwlara ýurdumyzyň birnäçe bilim edaralaryndan – Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk mekdebinden, B.Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinden, Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinden pedagogik işgärler, professor mugallymlar, usulyýetçi alymlar we ylmy işgärler gatnaşýarlar. Şeýle hem, halkara derejesinde guralan bu usuly-amaly okuwlara Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hem köp sanly bilim işgärleri gatnaşýarlar.
Umumy dowamlylygy 108 sagada niýetlenen bu usuly-amaly okuw iki basgançakda geçirilýär. Onuň birinji basgançagyny fewral aýynda, ikinji basgançagyny bolsa mart aýynda geçirmeklik meýilleşdirilen.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda mugallymlara we bilim işgärlerine ýüzlenip: «Siz milli ýörelgelerimizi we halypa-şägirtlik ýolumyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, mukaddes käriňiziň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny has-da artdyrmalysyňyz. Ylmyň-bilimiň we tejribäniň çuňňur arabaglanyşygyny üpjün edýän okatmagyň täze usullaryny işläp düzmelisiňiz. Sowatly, watansöýüji nesilleri kemala getirip, täzeçil hem-de döwrebap çemeleşmeleriňiz bilen ýokary netijeleri gazanmalysyňyz» diýip belleýär. Döwlet baştutanymyzyň bu gymmatly tabşyryklaryny halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk dereje ýerine ýetirmekde «Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak» atly geçirilýän hünär kamilleşdiriş usuly-amaly okuwlaryň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellemek bilen, bu okuwlar bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine hem ýakyndan ýardam eder.
Halkara derejeli baý iş tejribesi bolan hünärmenleriň gatnaşmaklarynda geçirilýän hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlardan aşakdaky netijelere, ýagny:
─ diňleýjileriň «Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak» atly hünär kamilleşdiriş maksatnamasynyň esasy mazmunyna düşünmeklerine hem-de bu maksatnamany öz hünär işiňde durmuşa geçirmegiň ýollaryny öwrenmeklerine;
─ bilimde şahsyýeti ösdüriji ylmy konsepsiýalaryň mümkinçilikleri we şahsyýetiň ösmegine, mekdep okuwçylarynyň saglygyna we abadançylygynaýardam berýän bilim gurşawynyň kemala getirilişi, işlenilip düzülen we halkara derejesinde tanyşdyrylan amaly gurallary, okuw maksatnamalary bilen ýakyndan tanyşmaklaryna;
─ «Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak» atly hünär kamilleşdiriş maksatnamasyny öz hünär işiňde peýdalanyp bilmegiň ýollaryny öwrenmeklerine;
─ maksatnamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan pedagogik işgärleri bilim edaralarynda şahsyýetiň ösüşi babatdaky metodologiýalaryň we tehnologiýalaryň çygrynda okatmak boýunça täze bilimleri we başarnyklary gazanmaklaryna;
─ usuly-amaly okuwlaryň netijeleri boýunça «Hereket etmek üçin Ýatlamany» işläp düzmeklerine hem-de ony geljekde öz hünär işinde peýdalanyp bilmeklerine garaşylýar.
Usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri üçin kiçi toparlarda amaly sapaklaryň tapgyry hem meýilleşdirilen. Olar şol sapaklarda dürli döwletlerden bu usuly-amaly okuwlara gatnaşýan kärdeşleri bilen bilelikde şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak boýunça gyzykly ýumuşlary ýerine ýetirerler, öz mugallymçylyk tejribeleri hem-de alyp barýan ylmy-usuly işleriniň esasy ugurlary we netijeleri bilen kärdeşlerini tanyşdyrarlar.
«Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak» atly hünär kamilleşdiriş maksatnamasy boýunça guralan halkara usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileri üçin niýetlenen temalaryň arasynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar bilen okuw-terbiýeçilik işlerini guramagyň we alyp barmagyň usulyýet aýratynlyklary baradaky temalara hem möhüm orun berlipdir.
Usuly-amaly okuwlaryň ilkinji gününde Sankt-Peterburg uniwersitetiniň Pedagogika institutynyň direktory, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor, Russiýanyň bilim akademiýasynyň akademigi Ý.I.Kazakowanyň «Häzirki döwrüň wehimleri: döwrebaplaşdyrmakdan soňky eýýamda bilim ulgamy» diýen tema boýunça guran sapagy has-da täsirli boldy. Alym zenan öz çykyşynda diňleýjileriň ünsüni şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawy bilen baglanyşykly bolan ähli zadyň mekdepde başlanýandygyna çekip, adamyň ukyplarynyň on iki sany esasy jähtleri we onuň özüni alyp barşy baradaky möhüm meseläniň üstünde durup geçdi. Şol ukyplara çylşyrymly esasy pikiriň (ideýanyň) üstünde çuňňur oýlanmaga bolan ukyp we oňa bolan taýýarlyk, tebigy bilesigelijilik we okamak, öwrenmek ukyby, öz güýjüňe, umumy ykrar edilen gymmatlyklara we medeni kadalara bolan ynam, empatiýa we ahlak oýlanma bolan ukyp, özbaşdak çözgüt kabul edip bilmäge we wajyp meseleleri çözüp, özbaşdak we akyl ýetirip hereket etmek ukyplary, pikirlenmek işini seljerip bilmek başarnygy, durmuş (sosial) we emosional) intellekt ýaly ukyplaryň degişlidigini nygtap belledi. Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmekde we ony dolandyrmakda şu ukyplary kemala getirmekde, ösdürmekde mekdebe örän möhüm wezipäniň degişli bolup durýandygyny aýtdy. Şahsyýetiň mümkinçilikleriniň we tebigy zehininiň açylmagynda, ukyp-başarnyklarynyň kemala getirilmeginde we ösdürilmeginde amatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de ony dolandyrmaga möhüm ornuň degişli bolup durýandygy nygtalyp bellendi.
ÝUNESKO-nyň Bilimde informasion tehnologiýalar boýunça institutynyň bilim we saglyk boýunça maslahatçysy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty T.A.Ýepoýanyň «Mümkinçilikleri giňeldip: şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyndaky saglyk we abadançylyk üçin bilim» diýen temada guran umumy interaktiw sapagy hem gyzykly boldy. Ol ylmyň we tehnologiýalaryň depginli ösýän häzirki eýýamynda bilim gurşawynyň şahsyýetiň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmekdäki orny we ähmiýeti, ýollary we usullary barada pedagogika ylmyndaky täze ylmy garaýyşlary beýan etdi. «Ösdüriji gurşaw» we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly maksatnamanyň çäginde halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulyşynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, bu ugurda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işleriň ýol kartasy, onuň mazmuny barada täsirli gürrüňleri berdi.
«Gelejege goşant» atly haýyr-sahabat gaznasynyň halkara maksatnamasynyň ýolbaşçysy Ý.A.Haustowanyň «Gözýetimiň aňyrsyna seretmeli: şahsyýetiň ösüşiniň täze syrlary» diýen tema boýunça geçen interaktiw umumy okuw sapagy hem çuňňur many-mazmuny, wajyplygy, täsirliligi bilen usuly-amaly okuwlaryň diňleýjileriniň ünsüni özüne çekdi. Onda şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmekde we dolandyrmakda emeli aňyň ýetirýän oňaýly we oňaýsyz täsirleri, olary hasaba almagyň zerurlygy we usullary barada nazary hem-de amaly mazmundaky ylmy-usuly garaýyşlar barada gyzykly maglumatlar beýan edildi.
«Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak» atly hünär kämilleşdiriş maksatnamasy boýunça guralan halkara usuly-amaly okuwlaryň çäginde onuň diňleýjileri üçin niýetlenen temalaryň arasynda «Bilim edaralarynda abadançylyk gurşawynyň döredilişi we onuň bahalandyrylyşy», «Emosional intellekt we onuň gurallary», «Bilim edaralarynda pedagog we dolandyryjy üçin psihologik ýagdaý bilen işlemegiň gurallary», «Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak boýunça esaslandyrylan maglumat merkezleri we olar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak», «Pedagogyň we dolandyryjynyň işinde emeli aň», «Bilimde subut etmek çemeleşmesi», «Çagalaryň abadançylygy, saglygy we şahsyýetiniň ösmegi üçin ösdüriji bilim gurşawyny döretmegiň halkara tejribesi» ýaly temalaryň bardygyny hem bellemek gerek.
Usuly-amaly okuwlaryň çäginde webinarlaryň – interaktiw onlaýn-duşuşyklaryň, söhbet sapaklarynyň we tanyşdyrmalaryň tapgyry hem meýilleşdirilen. Olarda «Pedagog bilen ata-enäniň arasyndaky dialog», «Ösdüriji gurşaw» we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly maksatnamany saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar bilen amala aşyrmagyň aýratynlyklary», «Ösdüriji gurşaw» we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly maksatnamanyň çagalar baglarynda amala aşyrylyşy» diýen temalar boýunça özara pikir alyşmalar, gyzykly çykyşlar göz öňünde tutulan.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hakyda göwheri» atly kitabynda: şeýle ýazýar: «Men hemişe öwrenýän, bilmäge jandan höwesek adamlara sarpa goýýaryn. Özümem hemişe öwrenmegi, dyngysyz okamagy berk durmuş ýörelgesi hökmünde öňden ykrar etdim. Öwrenmek, bilmek durmuşyň bütin dowamynda saňa örän gerek. Sen näçe okumyş, erjel hem bolsaň, her bir ugruň hem öz tapylgysyz ussatlarynyň bardygyny unutma! Olara hut şonuň üçin hem sarpa goýmagy başar. Sebäbi her bir işde ussatlyga ýetmek, uçursyz uly zehiniň we yhlasyň, ukybyň miwesidir». Alym Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu sözleri «Şahsyýeti ösdüriji bilim gurşawyny döretmegi dolandyrmak» atly hünär kamilleşdiriş maksatnamasy boýunça guralan halkara usuly-amaly okuwlara Türkmenistandan gatnaşýan bilim işgärleri üçin gymmatly wesýetlerdir, ýol-ýörelgedir.
Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş
bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň
doktory, dosent
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.