
Täzelikler
203

Italiýa Respublikasynyň “IDOGI” kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formenti we “IDOGI” kompaniýasynyň arhitektory Serjio Ferrandi Aşgabat şäherinde “Italýan dizaýn” günleriniň geçirilmeginiň çäklerinde, şu ýylyň 10-njy fewralynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlaryna öz alyp barýan işleri we tejribesi barada umumy okuw sapagyny geçirdiler.
Umumy okuw sapagynda olar özleriniň döreden binagärlik we dizaýnerçilik işleri bilen talyplary tanyşdyryp, binagärlik we dizaýnerçilik işleriniň inçe tilsimleri we dünýä tejribeleri barada gürrüň berdiler. Umumy sapakdan soňra talyplar ugur boýunça özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
Myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelmegi mynasybetli institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar.
Institutda ekologiýa we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmiki, maglumat we maglumat tehnologiýalary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçilikleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alnyp barylýar. Institutda ylym, bilim we önümçiligiň arabaglanyşygyny utgaşykly alyp barmak boýunça IT ylmy-tehniki merkezi döredildi. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan döredilen döwrebap taslama işleriniň birnäçesi guruldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellemeli zatlaryň biri hem, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleri hasaplanýan Wenesiýanyň Ka’Foskari uniwersiteti hem-de Milanyň Politehniki uniwersiteti bilen ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy alyp barýandygydyr.
Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
ylym bölüminiň başlygy.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.