
Täzelikler
202

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (HYY we ÖU) Ýewropa Bileleşiginiň gözlegler we innowasiýalar boýunça «Horizon Europe» (Gözýetim Ýewropa) maksatnamasyna bagyşlanan maglumat-kommunikasiýa sessiýasy geçirildi. Çäre ýurduň ylmy-bilim jemgyýetçiligini halkara maliýeleşdiriş gurallary bilen tanyşdyrmak üçin guraldy.
Duşuşygyň hormatly myhmany Ýewropa Komissiýasynyň «Global Service Facility» (GSF) edarasynyň wekili Kseniýa Sawçenko boldy. Sessiýanyň dowamynda gatnaşyjylara maksatnamanyň gurluşy, onuň ugurlary we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täzeçillik bilen meşgullanýan hünärmenleri bilen işleşmegiň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi. «Horizon Europe» maksatnamasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalaryna aýratyn üns berildi.
Çäräniň esasy maksady türkmen alymlarynyň dünýäniň gözleg taslamalaryna gatnaşmagyny giňeltmekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň innowasiýalar babatdaky daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar we maliýe serişdelerine elýeterlilik boýunça amaly maslahatlary aldylar.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.