
Täzelikler
181

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 9-yna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Sähet Kulyýew, Gülşat Atamyradowa, mugallym Mähri Rejepowa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmek, häzirki zaman dünýäsinde üstünlik gazanmagyň möhüm şertidir” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek we erkin gürlemek- täze üstünlikleriň açarydyr. Daşary ýurt dillerini bilmek bilen, talyplar dünýäniň ylymda täze gazananlaryny öwrenip, olary öz ylmy işlerinde we tejribelerinde ulanýarlar. Umuman, döwrüň talabyna laýyk gelýän baý tejribeleri öwrenmek we halkara derejesinde uly sepgitlere ýetmek üçin ilkinji nobatda daşary ýurt dillerini öwrenmekligi barada mugallymlar öz çykyşlarynyň ahyrynda nygtadylar.
Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.