
Täzelikler
189

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlaryny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňemegi üçin ähli şertleri döretmek, dürli pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamak ýaly giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda ylym we bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak, dünýä tejribesini ornaşdyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Bu gatnaşyklar talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşyny, bilelikdäki ylmy taslamalary hem-de sanly bilimi ornaşdyrmagy öz içine alýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Awstriýanyň GRAZ Tehnologiýalar uniwersitetiniň Elektronika Institutynyň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň netijelerini giň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen hyzmatdaş uniwersitetleriň arasynda “Ylym ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly onlaýn görnüşindäki ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Bu maslahatda hyzmatdaş uniwersitetimiziň professor-mugallymlary hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary bilelikde alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça çykyş etdiler. Has dogrusy häzirki wagtda wajyplygy boýunça öňdäki orunlarda duran elektronika we simsiz tehnologiýalar ylmy ugurlaryna degişli bolan uniwersitetde alnyp barylýan temalar, ýagny elektrik çeşmesine birikdirlen gurluşlardan şöhlelenýän elektromagnit şöhlelenmesiniň uzak aralykdan kesgitlemegiň täzeçil tehnologiýalary, elektrostatik zarýadsyzlanma ulgamy üçin elektrik tok nyşanasynyň täze tehnologiýasy, konus we slindrik görnüşli spiral antennalary işläp taýýarlamak, elektron gurluşlaryň mikrotolkun golografiýasy, elektromagnit meýdanyny duýujy sensorlar we beýleki temalar boýunça çykyşlar edildi.
Ylmy-amaly maslahat Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim babatynda alyp barýan daşary we içeri syýasatlarynyň bu günki gün halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.