
Täzelikler
55

11-nji fewralda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Tehnologiýalar binasy» hususy kärhanasynyň Ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň dabaraly açylyş çäresi geçirildi. Täze okuw edarasy halkara OPITO, IPSQA we ISO guramalary, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan akkreditasiýadan geçdi.
Merkez nebit-gaz, gaz-himiýa, energetika we himiýa senagaty üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanar.

Okuw maksatnamasyna aşakdaky ugurlar boýunça okuwlar girizildi:

Okuw merkezi Türkmenbaşy şäheriniň G. Saparow köçesi, jaý 36 salgysynda ýerleşýär. Merkezi döredijiler «Howpsuz işle we tehniki taýdan kämilleş» diýen ýörelgä daýanyp, ýokary hilli bilim bermek we halkara ölçeglere laýyk gelmek arkaly pudagyň durnukly ösüşine goşant goşmagy maksat edinýärler.
Merkeziň esasy wezipesi — hünärmen işgärleri taýýarlamak, hereket edýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýurduň nebit-gaz pudagynyň geljekki ösüşini goldamakdan ybaratdyr.
Çeşmesi: Turkmenportal
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.