
Täzelikler
166

2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen "IWISE Global Final 2026" halkara bäsleşigi türkmen mekdep okuwçylarynyň uly ýeňşi bilen tamamlandy. Dünýäniň 400-den gowrak zehinli ýaşlarynyň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde ýurdumyzyň toparlary jemi 12 sany medal (2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç) eýelemegi başardylar.
Bäsleşigiň iň ýokary baýragyna — Altyn medala şu okuwçylar mynasyp boldular:
Selim Begmyradow (Aşgabat ş., 7-nji orta mekdep)
Abdyljelil Patyşagulyýew (Aşgabat ş., 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdep)
Bu zehinli ýaşlar "Line Follower" ugry boýunça görkezen ýokary netijeleri üçin diňe bir altyn medal bilen çäklenmän, eýsem tutuş bäsleşigiň "IŇ GOWY TOPARY" diýlip yglan edildi we olara ýörite baýrak gowşuryldy.
Bulardan başga-da, mekdep okuwçylarymyzyň birnäçesi öz ugurlary boýunça ýokary ussatlyk görkezdiler:
Kümüş medallar (6 sany): Abdullah Annaýew ("Line Follower"), Muhammedkasym Annaýew ("Mini Sumo"), Saranur Annaýewa, Polat Saparow, Bilalkerem Berdiýew we Aýsenem Akmyradowa.
Bürünç medallar (4 sany): Ebubekir Berdiýew ("Line Follower"), Muhammedulemin Annaýew ("Maze/Labirint"), Rahman Garrygulow we Gurbanmuhammet Magtymgulyýew.
Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň 6-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Muhammedulemin Annaýew Eminleriň ýörite baýragyna mynasyp görüldi.
Halkara ýaryşda uly üstünlikleri gazanan Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robot tehnikasy boýunça gurnagynyň hem-de “Kämil bilim” okuw merkeziniň bu zehinli agzalaryna tejribeli mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow ýolbaşçylyk etdi.
"Bu ýeňiş diňe bir mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň tehnologiýa dünýäsinde uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn!" – diýip, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Çeşmesi: ORIENT
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.