tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

ENE DILI - HALKYŇ RUHY DOWAMATY

19.02.2026

61

ENE DILI - HALKYŇ RUHY DOWAMATY

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen “Halkara ene dili güni” mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 21-nji fewralynda «Halkara ene diliniň güni» dünýäde giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 1999-njy ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda «Halkara ene diliniň günini» bellemek baradaky karardan alyp gaýdýar. Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem bu halkara baýram ýokary derejede bellenilýär. Öz köküni Oguz handan alyp gaýdýan türkmen dilimiz türki dilleriň arasynda iň baý dilleriň biridir. Milletiň durmuşyny, taryhyny we medeniýetini beýan edýän ene dilimizi sarpalamak, nesilden nesle geçirip dünýä çykarmak her bir türkmeniň mukaddes borjudyr.

Ene dilimiziň ösüşi, biziň günlerimize gelip ýetişi babatda beýik şahsyýetlerimiz iň, aýratyn hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň orny uludyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Halkara forumda bellenilişi ýaly, egerde pars diliniň ösüşi Firdöwsi ýaly şahyrlaryň döredijiligine bagly bolsa, onda türkmen dili we edebiýaty hem Magtymguly ýaly beýik şahyrlaryň bitiren hyzmatlaryna baglydyr».

Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerinde ene dilimiziň sarpasyny belentde saklamak, ony geljek nesillere gorap ýetirmek barada öwüt-ündewler berilýär. Şeýle ganatly jümleler bolsa, maslahatyň başynda institutyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň döredijilik toparynyň ýerine ýetiren “Ene dili – halkyň ruhy dowamaty” atly edebi sazly kompozisiýasynda öz beýanyny tapdy. 

Şeýle hem ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Halkara ene dili gününiň döredilişini we ähmiýetini, häzirki zaman jemgyýetinde türkmen diliniň ornuny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly kitaplarynda ene diliniň waspyny hem-de ene dilimiziň Watanymyzdan dünýä uzaýan ýollaryny öz çykyşlarynda giňden beýan etdiler.

Maslahatyň barşynda insinstitutyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň ýerine ýetiren aýdymlary we çeper okaýyşlary professor-mugallymlarda, dilçi talyplarda uly täsir galdyrdy.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen dilini gorap saklamaga we ony dünýä çykarmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz