

Täzelikler
53

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda bu ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nahal» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar. Täze desganyň gurluşygyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna çenli tamamlamak we ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 26 gektar çemesi meýdanda ýerleşýän bu döwrebap bilim ojagynyň binalarynda esasy gurluşyk işleriniň tamamlanyp, içki bezeg işleriniň ýokary depginde alnyp barylmagy hojalyk jemgyýetiniň binagärleriniň täze okuw ýylyna toý serpaýly barjakdyklaryna güwä geçýär.
Binagärlik sungatynyň dünýä we milli nusgalarynyň özara sazlaşygy esasynda gurulýan bu desgada talyp ýaşlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmekleri, medeniýetli dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Täze toplum 2 sany fakultet ýerleşýän dolandyryş-okuw binasyny, ondaky 700 we 200 orunlyk mejlisler zallaryny, fakultetleriň 4-si üçin 2 okuw binasyny, mugallymlara niýetlenen 12 öýli bir sany ýaşaýyş jaýyny we talyplar üçin 2 müň orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 5-sini, 1 müň orunlyk naharhanany, 1 million kitap gaznasy bolan 700 orunlyk kitaphanany, 500 orunlyk stadiony, sport zalyny we 3 sany sport meýdançasyny, her biri 200 awtoulaga niýetlenen açyk we bassyrmaly awtoduralgalary öz içine alýar. Ýokary okuw mekdebiniň baş binasynda Türkmenistanyň taryhyny, şol sanda Garaşsyzlyk döwrüni, institutyň öz geçmişini beýan edýän, şeýle-de arheologiýa we etnografiýa, ösümlik we haýwanat dünýäsine degişli bölümleri bolan muzeý hem döredilýär. Toplumyň çäginde hojalyk maksatly, tehniki we hyzmat binalary-da ýerleşýär.
Binalaryň gurluşyk we bezeg işlerinde öz ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleri peýdalanylýar. Häzirki wagtda toplumyň çägindäki umumy ýaşaýyş jaýlarynda mebeller ýerleşdirilýär. Ýakyn wagtda bolsa dünýäniň ösen döwletlerinden getirilýän kämil tehnologiýalar oturdylyp başlanar.
Institutyň täze binalar toplumy Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy, «Lebap» söwda we dynç alyş merkezi, köpugurly sport toplumy, Ruhyýet köşgi hem-de «Bagt köşgi» bilen bir ugurda ýerleşýär.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýokary derejeli mugallym hünärmenleri taýýarlamakda milli bilim ulgamynda möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda institutda takyk we tebigy bilimler, taryh, pedagogika, türkmen dili we edebiýaty, rus hem-de gündogar dilleri, roman-german dilleri ýaly fakultetler hereket edýär. Şeýle-de hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti we talyplar sport kluby iş alyp barýar.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm