tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy ulanmaga berler

20.02.2026

51

Şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy ulanmaga berler

Şu ýyl ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda hem iri binadyr desgalaryň birnäçesi açylyp ulanmaga berler. Olaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy hem bar.

Institutyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň düýbi, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde tutuldy. Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilýän täze binalar toplumynda häzirki wagtda gurluşyk işleri has depginli alnyp barylýar.

Ýokary okuw mekdebiniň döwrebap binalary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde professor-mugallymlardyr talyplara ajaýyp sowgat bolar.

Belläp geçsek, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda döredildi. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebinde 7 fakultet, 26 kafedra hereket edip, 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Institutda her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.

Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz