tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar

20.02.2026

64

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça Baş müdirliginiň (DG EAC) Baş direktorynyň orunbasary Normunds Popens bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda bilim, ýaşlar syýasaty we medeni gatnaşyklar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy bilimiň hilini üpjün etmek, akademiki ykjamlyk, kredit-modul ulgamy, okuw işini sanlylaşdyrmak we uniwersitetleri dolandyryş modelleri babatda ýewropa tejribelerine gyzyklanma bildirdi.

Taraplar türkmen ýokary okuw mekdepleriniň we ýaşlar guramalarynyň Ýewropa maksatnamalaryna, şol sanda akademiki alyş-çalyşlara hem-de ýokary tehnologiýalar, sanly özgertmeler we «ýaşyl» ykdysadyýet pudagyndaky bilelikdäki taslamalara gatnaşygyny giňeltmek barada maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň institusional ösüşine özara gyzyklanmalaryny we bilelikdäki anyk başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin ulgamlaýyn gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

 Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz