

Täzelikler
40

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň Barlaglar we innowasiýalar boýunça Baş müdirliginiň (DG RTD) baş direktory Mark Lemetre bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ylmy barlaglar, ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine, şol sanda suwuň deňagramlylygynyň üýtgemegine we Hazar deňziniň suwunyň çekilmegine aýratyn üns berildi. Şeýle hem ylmy taýdan esaslandyrylan seljermäniň geçirilmeginiň, häzirki zaman monitoring ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň we öňdebaryjy tehnologik çözgütleriň ulanylmagynyň zerurdygy nygtaldy.
Türkmen tarapy Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy bilen tanyşdyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy