tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

GARAŞSYZLYK ŞAN-ŞÖHRATYM, BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN   

20.02.2026

26

GARAŞSYZLYK ŞAN-ŞÖHRATYM, BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN   

  Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk şan-şöhratym, bedew batly Türkmenistan» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede                 2026-njy ýyl – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň giňden baýram edilip bellenilmegi, behişdi bedewlerimiziň taryhy hem-de gymmatlylygy dogrusynda çykyşlara giň orun berildi. Şeýle hem Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli gymmatlyklarymyzy, ruhy ýörelgelerimizi we buýsançly ösüşlerimizi dabaralandyrmakda täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenilip geçildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bedew ýyly bedew bady, maksat-myrady bilen geldi. Nusgawy edebiýatymyzyň şahyrlarynyň eserlerinde, halk döredijiliginde, taryhçylaryň ýazgylarynda bedew atlarymyzyň waspy belentden ýetirilýär, olar hakda diýseň gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiziň belent sarpasyny beýan edýän eserleri nusgalykdyr. Türkmeniň bedew ata bolan söýgüsi oňa gan bilen girendir. Asyl ganynda bürgüt mysaly uçar türkmen bedewlerine çäksiz söýgüni, uly yhlasy biz hut Gahryman Arkadagymyzyň mysalynda görüp bilýäris. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kitapda ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, dünýä atçylyk medeniýetinde tutýan orny we maddy gymmatlygy dogrusynda giňden beýan edilýär.

 

Biziň milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň şöhraty gadymy döwürlerden bäri ýyndamlygy, gözelligi we düşbüligi bilen tanalýar. Geçmişde her bir türkmeniň howlusynda at bolupdyr. Eger at taýçanaklasa, bu habar edil çaga dünýä inen ýaly, çar töwerege buşlanypdyr. Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly – ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenlerde «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýen pähim bar. Taryhy maglumatlara görä, türkmenler öz ahalteke bedewleriniň boýnunyň uzyn hem inçe bolmagyny gazanmak üçin, oňa ot-iými ýörite gazylan çukurlarda beripdirler. Şeýdibem, olar ot-iým iýen mahallary atlaryň boýunlaryny süýndürmegini gazanypdyrlar. Taýçanaklara bolsa, arkalaryna belli bir agramdaky ýüki atyp, çalt ylgamakda tälim beripdirler. Bu tälim ot-iýmiň çäkli mukdary bilen utgaşdyrylyp, taýçanaklaryň döş kapasasynyň göwnejaý kemala gelmegi, gapyrgalarynyň tekiz we çeýe bolmagy gazanylypdyr.  

Gadymy pederlerimiz hut öz döwri we öz hajatlary üçin söweşiji bedewler gerek bolandygy sebäpli, şeýle atlary ýetişdirip, olara tälim bermegi başarypdyrlar. Türkmenleriň söweşjeň atlary taýýarlamakda tälim beriş düzgünlerine köp zatlar giripdir: çapyksuwar atdan ýykylanda, ol öz eýesiniň ýanyna baryp durupdyr we oňa hiç kimi golaýlaşdyrmandyr. Çapyksuwar atynyň üstünde ölen kişi bolup ýatanynda, at ony alyp gaçmagyny dowam etdiripdir. Bedew ýaralanan esgeriň golaýynda dyza çöküpdir we oňa eýere münmäge kömek beripdir, eýesini söweş meýdanyndan alyp çykypdyr. Şeýle-de dürli tilsimleri – ýalandan yza çekilmek, duşmanyň daşyny gabamak we beýleki tilsimleri ýerine ýetiripdir. Hut şonuň üçin hem, taryhdan mälim bolşy ýaly, halkymyz eýesine wepaly bedew atlarymyz bilen birnäçe söweşlerde ýeňiş gazanmagy başarypdyrlar.    

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylygyň ösdürilmegi hemişelik üns merkezinde saklanýar. Ady rowaýata öwrülen bedewler häzirki döwürde hem halkymyzyň aýratyn buýsanjydyr, milli gymmatlygydyr.   

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Şeýle hem, çäräniň myhmanlary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan kitap sergisi bilen tanyş boldular.    

Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.      

Maral Nuryýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli

konserwatoriýasynyň kitaphanasynyñ müdiri

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz