

Täzelikler
86

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Bedew batly döwrüň bagtly ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Şu mynasybetli geçirilen dabara institutyň professor-mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de bu institutdan we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolanlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň şertlerine görä, ol iki ugur boýunça guralyp, oňa gatnaşýan toparlar öz çykyşlaryny çeper okaýyş we fleşmob görnüşinde taýýarladylar. Fleşmobuň girişinde talyp ýaşlaryň azyndan biri ýa-da toparlaýyn türkmen we daşary ýurt dillerinde parahatçylygy, Bitaraplygy we bedew batly ösüşlerimizi wasp edýän goşgy setirleri, kitaplardan, çykyşlardan jümleler çeper ýerine ýetirildi. Çeper okaýyş bilen fleşmob çykyşynyň dowamlylygy talaplara laýyklykda 3-7 minut aralygynda taýýarlanyldy. Çykyşlarda ulanylan aýdym-sazlar we hereketler milli hem döwrebap öwüşginleri özünde jemledi.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň netijelerine görä, I orna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, II orunlara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, III orunlara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary eýe boldy.
Bäsleşikde höweslendiriji baýraklara Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary mynasyp boldular. Sylaglanyş dabarasynda ýeňijilere degişli diplomlar, Hormat haty hem sowgatlar gowşuryldy.
Soňra dabaraly çäre bagtyýar döwrümizi, eziz Diýarymyzy, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdymlar, edebi-sazly çykyşlar bilen dowam etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty