tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň uniwersitetlerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi makullady

21.02.2026

77

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň uniwersitetlerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi makullady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Hökümet mejlisinde 2026-2027-nji okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça iberilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz