tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk instituty

Ylmy-okuw maslahaty geçirildi

21.02.2026

71

Ylmy-okuw maslahaty geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektorynyň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky çykaran 10/1-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2026-njy ýylda geçiriljek ylmy-amaly maslahatlaryň Meýilnamasyna” laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 20-nji fewralynda institutyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş” kafedrasynyň gurnamagynda mugallym Bahram Ataýew tarapyndan “Gurluşyk pudaklarynyň kärhanalarynda kiberhowpsuzlygyň wajyplygy” atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi. Institutda geçirilýän okuw, ylmy-amaly maslahatlaryň, wagyz-nesihat ähmiýetli çäreleriň netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary, sanly tehnologiýadan netijeli peýdalanmaklary gazanylýar. Ylmy maslahata gatnaşyjy mugallymlar bu ylmy-okuwyň gurluşyk inženerleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga we täze tehnologiýalaryň iş tejribesine ornaşdyrylmagyna möhüm itergi berýändigini nygtadylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

      Ylym bölüminiň esasy hünärmeni Gülnar TEKÄÝEWA

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz