

Täzelikler
92

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli «Ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň wezipeleri we usullary boýunça degişli maslahatlary bermek maksady bilen, bilim işgärleriniň ylmy-usuly maslahaty geçirildi.
Ylmy-usuly maslahata gatnaşyjylar mekdepde geçirilýän jemgyýetçilik ylmy ugra degişli okuw dersleri boýunça okuw hepdeliginiň çäginde mekdep okuwçylarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyza bagyşlap taýýarlan döredijilik işleriniň sergisine tomaşa etdiler. Mundan başga-da Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkagadly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren nusgalyk kitaplarynyň sergisi bilen hem ýakyndan tanyşdylar.
Ylmy-usuly maslahaty Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K. Durdyýew açdy we giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ylmy-usuly maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni alym Arkadagymyzyň «Bedew at – türkmen üçin hemme zat» diýen çuňňur paýhasa ýugrulan parasatly sözlerine çekip, iň gadymy tohumlaryň biri hökmünde dünýä atşynaslygynda ykrar edilen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýä atçylygynyň göwheridigi, ýaş nesilde atşynaslyk mirasymyza buýsanjy, söýgini we hormat goýmagy terbiýelemekde nurana bedewlerimiziň, milli atşynaslyk we seýisçilik sungatymyzyň, olar bilen baglanyşykly bolan gymmatly mirasymyzyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap belledi.
Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlarynyň we ylmy işgärleriniň hem-de öňdebaryjy baý iş tejribesi bolan mekdep mugallymlarynyň – Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymynyň gyzykly çykyşlary ylmy-usuly maslahata gatnaşan bilim işgärlerinde ýakymly täsirleri galdyrdy, olaryň mugallymçylyk tejribesini baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirdi.
Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkagadly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren nusgalyk kitaplarynda behişdi bedewlerimiziň çeper keşbiniň beýany, daşary ýurt dilleri, tebigy we takyk ylmy ugra degişli dersler boýunça okuw sapaklarda ýaş nesilde watansöýüjiligi, türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden ajaýyp gymmatlyklaryna, milli mirasymyza buýsanjy we guwanjy terbiýelemekde, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerinde üstünlikli peýdalanmagyň netijeli usullary we usulyýet tärleri barada gymmatly usuly maslahatlary berdiler.
Ylmy-usuly maslahatyň ahyrynda Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K.Durdyýew ýurdumyzyň tanymal seýisleri we atşynaslary, meşhur seýsi Aba Annaýewiň seýisçilik sungaty, onuň nusgalyk görelde alarlyk durmuş we zähmet ýolunyň mekdep okuwçylarynda gymmatly atşynaslyk mirasymyza, türkmen seýisçilik sungatyna gyzyklanmany, buýsanjy we hormaty terbiýelemekde Arkadag şäherindäki açylan döwrebap ýokary okuw mekdebiniň – Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda öwredilýän ýaş nesilde atçylyk, seýisçilik, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, weterinar lukmançylygy ýaly hünärlere bolan höwesi we gyzyklanmany, söýgini ösdürmekde hem terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny nygtap belledi.
Ylmy-usuly maslahatda çykyş edenler ýaş nesillere eziz Diýarymyza, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde, ýokary hilli bilim bermekde, hünärleri öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek alkyşlaryny aýtdylar.
Ogulşat DURDYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we
kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiň müdiri.