tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

«e-Mekdep» ulgamyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli onlaýn maslahatlar geçirilýär

24.02.2026

140

«e-Mekdep» ulgamyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli onlaýn maslahatlar geçirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa-maglumat merkezi (IMM) tarapyndan «e-Mekdep» dolandyryş ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, ähli welaýatlaryň gatnaşmagynda yzygiderli onlaýn maslahatlar geçirilýär. Bu çäreler her hepdeniň anna güni sagat 10:00-dan 12:00-a çenli teleköpri arkaly amala aşyrylýar.

Onlaýn gepleşikleriň dowamynda hünärmenler ulgamyň ulanylyşy barada özara tejribe alyşýarlar. Merkeziň hünärmenleri «e-Mekdep» elektron bilim dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly tehniki meseleler boýunça sowallara doly jogap berýärler. Welaýat mekdepleriniň wekilleri «e-Mekdep» ulgamynyň işiniň has hem netijeli bolmagy üçin öz tekliplerini orta atýarlar. Şeýle hem, maslahatyň barşynda dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmakdaky tejribeler paýlaşylýar we ýüze çykýan kynçylyklar ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mundan başga-da, onlaýn duşuşyklaryň dowamynda welaýatlar boýunça «e-Mekdebiň» ulanylyş tertibi we hasabatlary barada anyk maglumatlar berilýär. Bu bolsa sanly bilim ulgamynyň ýurdumyz boýunça bir tertipde we dogry alnyp barylmagyna ýardam edýär.

Şeýle duşuşyklar IMM-niň tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda yzygiderli esasda geçirilýär we ulgamyň ýurduň ähli sebitlerinde üstünlikli ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Nobatdaky maslahatyň dowamynda merkeziň işgärleri gelip gowşan soraglara jikme-jik seretdiler we dolandyryş ulgamynyň ýerlerde dogry işlemegi üçin zerur bolan amaly düşündirişleri berdiler.

Welaýat mekdepleriniň wekilleri dolandyryş ulgamyny özleşdirmäge uly gyzyklanma bildirdiler we ony ornaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça gelip gowşan ähli tehniki soraglar jikme-jik seljerilýär, bu bolsa «e-Mekdep» ulgamynyň Türkmenistanyň ähli çäginde netijeli işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

«e-Mekdep» — bu mekdep müdirlerini, mugallymlary, ene-atalary we okuwçylary ýeke-täk maglumat gurşawynda birleşdirýän sanly dolandyryş ulgamydyr. Ulgam mekdep durmuşynyň esasy amallaryny elektron formata geçirýär: resminamalary ýöretmek, hasabatlary düzmek, okuw işini guramak we bilim işine gatnaşyjylaryň ählisiniň özara gatnaşygy.

 

 

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz