tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Lukmançylyk uniwersitetinde “Aýurweda” okuw otagynyň açylmaklygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

24.02.2026

31

Lukmançylyk uniwersitetinde “Aýurweda” okuw otagynyň açylmaklygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Aýurweda” okuw otagynyň açylmaklygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

“Aýurweda” Hindi lukmançylygy gadymy ugryna degişli bolup, häzirki wagtda dünýä lukmanlary tarapyndan öwrenilýän ugyrlaryň biridir. Açylyş dabarasyna Hindistan döwletinden gelen myhmanlaryň gatnaşmaklygy dabaranyň şowhynyny has hem artyrdy. Türkmen-Hindi hyzmatdaşlygy 2015-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti ýurdumyza resmi resmi sapar bilen gelen Hindistan Döwletiniň Premýer-ministeri Narendra Modiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäginde gol çekilen bilelikdäki türkmen-hindi beýannamasynyň esasynda ýola goýuldy we Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylmagy medeni gatnaşyklarda täze sahypanyň başlangyjy hökmünde ykrar edildi. Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Saglygy dikeldiş we adaty däl lukmançylygy” we “Sport lukmançylygy” hünäriniň Okuw meýilnamalaryna Ýoga terapiýasy hem-de dermanlyk ösümlikleriniň ulanmagy bilen Aýurwedanyň esaslary derslerini girizmeklikden başlandy. “Aýurweda” okuw otagynyň açylmaklygy gelejekde lukmançylyk kärini saýlap alan talyp ýaşlarymyzyň keselleri bejermekde we öňüni almakda iýmitiň, howanyň, dynç alyşyň, beden taplamanyň, dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygynyna ýetirýän täsiriniň syrlaryny öwrenmekde örän netijeli bolar. Okuw otagynyň açylmaklygy talyp ýaşlaryň Hindi lukmançylygynyň syrlaryny öwrenip, türkmen lukmançylygynyň kämilleşmekliginde uly ýaradam berer.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz