tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Lukmançylyk uniwersitetiniň talyby 4-nji halkara ÝUNESKO modeli bäsleşiginde “Iň gowy finalist” diýen ada eýe boldy we Diplom bilen sylaglandy

24.02.2026

48

Lukmançylyk uniwersitetiniň talyby 4-nji halkara ÝUNESKO modeli bäsleşiginde “Iň gowy finalist” diýen ada eýe boldy we Diplom bilen sylaglandy

2025-nji ýylyň 12-15-nji dekabry aralygynda Hytaý halk Respublikasynyň Gonkong şäherinde ÝUNESKO Klublarynyň we Assosiýalarynyň Bütindünýä Federasiýasynyň Gonkong ÝUNESKO Assosisiýasy bilen bilelikde geçiren «Neýrotehnologiýanyň etikasy» atly 4-nji halkara ÝUNESKO modeli bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz» ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy Emir Sopyýew Türkmenistanyň wekili hökmünde gatnaşyp, “Bioetikanyň düzgünleri” ugry boýunça “Neýrotehnologiýanyň sanly lukmançylykda etiki ulanylyş düzgünleri” atly ylmy işi bilen üstünlikli çykyş edip, “Iň gowy finalist” diýen ada eýe boldy we Diplom bilen sylaglandy.

Halkara bäsleşik 3 tapgyrda geçirilip, onuň birinji tapgyrynda gatnaşyjylar öz ýurdy we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler. Ikinji tapgyrda neýrotehnologiýanyň ösüş strategiýasy boýunça çykyşlar guraldy. Gatnaşyjylar emeli aňyň täze ugurlaryny hödürläp, neýrotehnologiýanyň giň mümkinçilikleri barada tekliplerini beýan etdiler. Bäsleşigiň üçünji tapgyrynda gatnaşyjylar tarapyndan taýýarlanan strategiýalara ses bermek işi geçirildi.

Bu halkara bäsleşik ýaşlaryň neýrotehnologiýa we onuň etiki taraplaryna bolan bilimlerini çuňlaşdyrmaga, olaryň halkara derejede pikir alyşmagyna hem-de ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine laýyklykda ylmy başlangyçlaryny ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi. Şeýle hem talyp ýaşlarymyzyň bu bäsleşikdäki üstünlikli çykyşy ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejede bilimli, döredijilikli we döwrebap meseleler boýunça ýokary taýýarlyklydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz