

Täzelikler
489

2026-njy ýylyň 21-nji fewralynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Meýletinçiler merkezi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkezi tarapyndan “Sessiz awtomatizasiýa: netijeliligiň täze tapgyry” atly okuw sapagy guraldy. Onda sanly çözgütler boýunça hünärmen Arslan Tekäýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew çykyş etdiler.
Bu seminara talyp ýaşlar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar sanly tehnologiýalaryň iş proseslerini has netijeli, takyk we çalt guramaga nähili ýardam berýändigi barada maglumat aldylar.
Arslan Tekäýew çykyşynda awtomatizasiýanyň diňe uly "IT" toparlarynyň ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň işi däldigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, iş prosesine içgin düşünýän ýerli hünärmenler hem sanly ulgamlary üstünlikli ornaşdyryp bilerler. Şeýle-de ol býujetleriň jemlenmegi, myhmanlary hasaba almak, iş saparlaryny tassyklamak ýaly administratiw işleriň el bilen ýerine ýetirilmeginiň köp wagt talap edýändigini hem-de ýalňyşlyklara getirip bilýändigini nygtady.
Hünärmen döredilýän ähli içerki sanly ulgamlaryň diňe içerki mümkinçilikleriň esasynda taýýarlanylýandygyny hem-de olaryň doly on-premise görnüşinde işleýändigini aýtdy. Şeýle çözgütler gaýtalanýan işleri azaltmaga, işgärleriň işini ýeňilleşdirmäge we umumy iş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Okuw sapagyň dowamynda awtomatizasiýanyň işgärleri çalyşmak üçin däl-de, olaryň işini goldamak, wagtyny tygşytlamak we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenmelidigi aýratyn bellenildi. Çäräniň ahyrynda geçirilen sorag-jogap sessiýasy sanly başarnyklar, awtomatizasiýa we hünär ösüşi boýunça gyzykly pikir alyşmalara öwrüldi.
Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Meýletinçiler merkeziniň geňeşçisi Merdan Ataýew çykyş edip, ýaşlaryň geljekde hünär saýlamagy hem-de önümçilik bilen bilimiň arasyndaky baglanyşygy berkitmegiň ähmiýeti barada durup geçdi. Ol häzirki döwürde bilim ulgamynyň önümçilik bilen sazlaşykly ösdürilmeginiň ýaş hünärmenleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny belledi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti