tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

24.02.2026

535

Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelýändigi, şeýle hem tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. Gyrgyzystanly okuwçylar 2026-njy ýylyň 8–13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän mekdep okuwçylarynyň arasynda III Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyryldy. Bu halkara bäsleşiginiň geçýän döwründe Gyrgyz Respublikasynyň Bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş saparyny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetini Çarwadarlaryň 6-njy Bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşykda şeýle hem diplomlaryň özara ykrar edilmegi we orta hünär bilimi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz