tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Geljekki nebitçiler Balkanabatda geçirilen intellektual bäsleşige gatnaşdylar

25.02.2026

400

Geljekki nebitçiler Balkanabatda geçirilen intellektual bäsleşige gatnaşdylar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda üç tapgyrda geçirilen breýn-ring intellektual bäsleşigine gatnaşdylar. Bu bäsleşik Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy. Ol fewral aýynyň dowamynda geçirilip, saýlama tapgyrlar test görnüşinde boldy we toparlar final tapgyryna çykmaga hukuk gazanmak ugrunda bäsleşdiler.

Bäsleşige agzalan talyplardan hem-de Balkanabat şäherindäki orta mekdepleriň 10 – 12-nji synplarynda bilim alýan okuwçylardan ybarat jemi 25 topar gatnaşdy.

Breýn-ring düzgünine görä geçirilen bäsleşiklerde ýaşlar diňe bir çuňňur bilimi däl, eýsem, berlen soraglara sekuntlaryň içinde dogry jogap bermek, logiki pikirlenmek we toparlaýyn işlemek ukyplaryny hem görkezdiler.

Final tapgyrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary bilen Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiniň okuwçylary ýaryşdylar.

Netijelere görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary birinji orna, Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji orna, Balkanabat şäherindäki 12-nji we 6-njy orta mekdepleriň okuwçy toparlary bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Ýeňijilere guramaçylar we ýaryşyň hemaýatkärleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr sertifikatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz