tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistanyň ýaş tennisçileri Bahreýnde geçirilen ýaryşda üstünlik gazandylar

25.02.2026

376

Türkmenistanyň ýaş tennisçileri Bahreýnde geçirilen ýaryşda üstünlik gazandylar

Türkmenistanyň ýaş tennisçi gyzlary Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde dünýäniň 13 ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçirilen tennis boýunça Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) hünär derejesine eýe bolan we 2027-nji ýylyň «Wimbledon» hem-de «Australian Open» ýetginjekler ýaryşlaryna saýlama tapgyrlarynyň biri bolup durýan iki hepdelik «ITF Asia 14&U Development Championships» bäsleşiginiň jemleri boýunça ildeşlerimiz ýekelikde we jübütleýin ýaryşlarda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna iki gezek çykdylar.

Has takygy, ýekelikdäki ýaryşlarda Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa altyn medalyň ikisini eýeledi. Tälimçiler Meýlis Orazmuhammedowyň we Ýuriý Rogusskiýniň şägirdi birinji hepdedäki final duşuşygynda Iordaniýanyň wekili Aýasofiýa Gokaşaudan 0:6, 6:1, 6:3 hasabynda üstün çykdy. Ýaryşyň ikinji hepdesinde ol Taliýa Al-Armutini (Iordaniýa) 6:2, 6:0 we Mariam Kamareddineni (Liwan) 6:3, 6:2 hasabynda ýeňip, ýene-de finala çykdy we aýgytly oýunda iordaniýaly tennisçi Aýasofiýa Gokaşauny 6:3, 6:2 hasabynda utdy.

«Jahan» döredijilik merkeziniň wekili, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Jennet Hallyýewanyň we Ýuriý Rogusskiýniň ýolbaşçylygynda tälim alýan Sülgün Işangulyýewa bilen jübütleýin ýaryşlarda hem Näzli uly üstünlik gazandy. Birinji hepdedäki finalda Näzli bilen Sülgün liwanly tennisçiler Mariýa El Haçaçeni we Mariam Kamareddineni 6:3, 7:5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Çempionatyň ikinji hepdesinde türkmen jübüti ýarym finalda Jana Hakim we Fatima Albaajari (Saud Arabystany) 6:2, 6:2 hasabynda, 1-nji orun ugrundaky aýgytly duşuşykda bolsa Mariam Kamareddine / Mariýa El Haçaçe (Liwan) jübütini 6:3, 6:3 hasabynda ýeňdiler.

Iki hepdelik ýaryşlar tapgyrynyň doly çempiony bolan we jemi dört altyn medaly eýelän Näzli Hudaýgulyýewa özüniň öňdebaryjy derejesini resmi taýdan tassyklady we Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 13 ýaşly tennisçimiz 14 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasyndaky Aziýa ýetginjekler görkezijisinde 9-njy orny eýeleýär.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz