tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

GARAŞSYZLYK DÖWRÜNIŇ YLYM-BILIM BINÝADY

25.02.2026

505

GARAŞSYZLYK DÖWRÜNIŇ YLYM-BILIM BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak, mekdep kitaphanaçylarynyň hünärini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň orta mekdepleriniň kitaphanaçylarynyň arasynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak, kitaphanaçylaryň özara tejribe alyşmagyny gazanmak, mekdep kitaphanalarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ýollaryny öwrenmek, ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak üçin mekdep kitaphanaçylarynyň arasynda «Garaşsyzlyk döwrüniň ylym-bilim binýady» atly usuly-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň açylyş dabarasynda etrabyň 17-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi, şeýle-de «Ösüşleriň 35 ýyly» ady bilen mekdep kitaphanaçylarynyň arasynda sergi guramak boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşan kitaphanaçylaryň sergileri bahalandyryldy. Bu bäsleşikde etrabyň 20-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Aýnabat Alaşowa Baş baýraga, 17-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Göwher Hojamgulyýewa I orna, 27-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Selbi Borjakowa II orna, 21-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Aýgül Berdigylyjowa III orna we 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Amangül Amannyýazowa howeslendiriji orna mynasyp boldular.

Şeýle hem bu usuly-amaly maslahatda öňdebaryjy kitaphanaçylaryň iş tejribelerinden çykyşlar guraldy. Ýagny, etrabyň 26-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy Gülbahar Bäşimowa mekdep kitaphanaçysynyň işini meýilnamalaşdyrmagyň, iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmegiň, kitaphana gaznasyny tükellemegiň we sanlylaşdyrmagyň, kitaphananyň içini talabalaýyk bezemegiň, arassaçylyk we kitaplary abatlaýyş işlerini geçirmegiň öňdebaryjy iş tejribesi boýunça çykyş etdi. Ol mekdep kitaphanaçylarynyň işini meýilnamalaşdyrmagyň, iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmegiň, kitaphana gaznasyny tükellemegiň we sanlylaşdyrmagyň, kitaphananyň içini talabalaýyk bezemegiň, arassaçylyk we kitaplary abatlaýyş işlerini geçirmegiň usullary barada öz iş tejribesinden alnan wideorolikleriň we suratlaryň üsti bilen çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda kitaphana işiniň ösüşi, ýurdumyzda kitaphanalara döwlet derejesinde berilýän üns barasynda, kitaphananyň diňe bir kitap saklanýan ýer däl-de, eýsem, onuň medeni-bilim ojagy hökmündäki ornuny we ähmiýetini nygtap geçdi.

20-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Aýnabat Alaşowa öz iş tejribesinden «Çeper sözüň ussatlary» ady bilen mekdep kitaphanasyna täze gelen edebiýatlara bibliografik synlaryň, hödürleýji sanawlaryň taýýarlanyşy barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem etrabyň 17-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Göwher Hojamgulyýewa «Eziz Diýarymyzda bellenilýän şanly seneleri, milli baýramlary mekdep kitaphanalarynyň işinde şöhlelendirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden» atly temadan işjeň usulda eden çykyşy juda täsirli boldy.

Usuly-amaly maslahatyň ahyrynda bolsa çykyşlar esasynda sorag-jogap alyşyldy. Kitaphanaçylara öz işlerini sanlylaşdyrmak, mekdebiň taryhyna we Garaşsyzlyk baýramyna degişli makalalaryň albomyny taýýarlamak, «Açyk gapylar» günlerini geçirip, beýleki kitaphanaçylar bilen özara iş usullaryny paýlaşmak, okuwçylaryň kitaba bolan gyzyklanmasyny bäsleşikler arkaly höweslendirmek, milli mirasymyzy we döwletlilik ýörelgelerimizi wagyz etmek boýunça birnäçe usuly maslahatlar berildi.

Gülbahar Ussaýewa,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz