tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek maslahatlaşyldy

26.02.2026

301

Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Öwezgeldi Jumanazarow 24-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň Medipol uniwersitetiniň rektory Bahadyr Kürşat Güntürk bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň maksady bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn ylmy-akademiki we lukmançylyk ugurlarynda tejribe gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirildi.

Taraplar ýokary bilim ulgamynda alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hem-de türkmen ýaşlarynyň Türkiýede bilim almagy bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Rektor B.Güntürk bu ýokary okuw mekdebiniň häzirki wagtda halkara derejede giň hyzmatdaşlyk ulgamyna eýedigini, şol sanda daşary ýurtly talyplar üçin döredilýän mümkinçilikleriň yzygiderli artdyrylýandygyny belledi.

Duşuşykda türkmen talyplary üçin täze mümkinçilikleri döretmek, stipendial maksatnamalary giňeltmek, mugallymlaryň we talyplaryň alyş-çalyş taslamalaryny ýola goýmak hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar geljekde degişli şertnamalaryň baglaşylmagynyň hem-de hyzmatdaşlygyň anyk maksatnamalar arkaly dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz