tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Zimbabwe Respublikasynyň wekiliýeti HYYÖU-de: Diplomatik gatnaşyklar we bilim hyzmatdaşlygy

26.02.2026

319

Zimbabwe Respublikasynyň wekiliýeti HYYÖU-de: Diplomatik gatnaşyklar we bilim hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda döwletara gatnaşyklarynyň täze sahypalary açylmaga dowam edýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy talyplar we mugallymlar üçin uly gyzyklanma döretdi we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerine bagyşlandy.

Sapagyň dowamynda çykyş eden myhman ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmagyň usullary, şeýle hem ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki döwürdäki ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdi. Hususan-da, döwletleriň arasynda özara ynanyşmak esasynda alnyp barylýan dialogyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň we halkara söwdanyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny bellenildi. Şeýle duşuşyklaryň ýaş hünärmenleriň halkara gatnaşyklary babatdaky bilimlerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Okuw sapagynda halkara gatnaşyklary ulgamynda bilim alýan talyplaryň soraglaryna jogap berildi, döwletara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we halkara guramalaryň orny barada pikir alyşmalar geçirildi. Bu bolsa talyplaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen baglanyşdyrmaga ýardam berdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz