tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

KITAP – YLYM-BILIMIŇ HAZYNASY

26.02.2026

328

KITAP – YLYM-BILIMIŇ HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okuwçylaryň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanylmagyny üpjün etmek, halkymyzyň esasy bölegi hasaplanýan ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak we mekdepde kitaphana işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýaşlaryň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak, söz baýlygyny, özbaşdak pikir ýöretmek ukybyny ösdürmek maksady bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň 18-nji fewralynda Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebinde “Kitap – ylym-bilimiň hazynasy” atly 1-nji synp okuwçylarynyň mekdep kitaphanasy bilen tanyşdyrlyş dabarasy geçirildi. Ruhy baýlygymyz bolan mukaddes kitaplaryň gatyny açanda, okuwçylaryň kalbynda ata Watanymyza, ene topragymyza, ak mekdebimize bolan söýginiň şuglasyny uçganaklaýan garaja gözlerden aýdyň görmek bolýar. Kitaphana okyjylyga kabul edilen 1-nji synp okuwçylary ýylymyzyň şygaryny, Watanymyzy, ak mekdebimizi, gözel tebigatymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary ýatdan aýtdylar.

Adamzat taryhynda iň uly açyşlaryň biri hem kitabyň döredilmegidir. Kitap – geçmişiň tejribesini şu güne, şu günüň täsinliklerini bolsa geljege äkidýän täsin bir köprüdir. Ol diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, ahlak gözelligini terbiýeleýän maslahatçydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri halkymyz we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw bilen garşylanýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem akylly-başly bolmagyň ýeke-täk ýolunyň okamakdygyny nygtapdyr. Kitap bize durmuşyň ýollaryny öwredýär. Ol adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, giň gözýetimli bolmagyna, biliminiň artmagyna ýardam edýär.

Okuwçylara “Bir bar eken”, “Haýyrly hazyna” atly ertekiler, şeýle hem “Paýhas çeşmesi” atly kitapdan birnäçe atalar sözi okaldy we olara teswirleme berildi. Okuwçylarda kitap okamak endiginiň döredilmegi we mümkinçiliginiň giňeldilmegi ilkinji zerurlyklaryň biridir. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp mekdep kitaphanamyzda geçirilýän her bir çärede Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ähmiýeti beýan edilýär. Ýaş nesillerde bu ajaýyp kitaplar bilen birlikde, beýleki kitaplary, akyldar şahyrymyzyň eserlerini hem okamak höwesi döredilýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýäş nesliň öwrenmek endikleriniň has hem kämil boljakdygyny görkezýär.

Gülşat Abaýewa,

Aşgabat şäheriniň 82-nji orta

mekdebiniň kitaphanaçysy.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz