

Täzelikler
300

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde 24-nji fewralda bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda geljekde geçiriljek halkara çärelere aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy gyrgyz okuwçylaryny 2026-njy ýylyň 8 – 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän mekdep okuwçylarynyň arasyndaky III Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrdy.
Bu halkara bäsleşigiň geçýän döwründe Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş saparyny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Öz gezeginde, gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetini Çarwadarlaryň 6-njy Bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi