tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

2026-njy ýylyň 25-26-njy fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralýan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty geçirilýär

26.02.2026

387

2026-njy ýylyň 25-26-njy fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralýan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty geçirilýär

2026-njy ýylyň 25-26-njy fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralýan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty geçirilýär.

Iki gün dowam etjek bu sebitleýin maslahatyň işi 8 bölümde dowam eder we olarda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) orny we wezipleri, Pul-karz syýasaty we hümmetsizlenmäni dolandyrmak, Fiskal syýasaty - näbellilik şertlerinde ätiýaçlyklary döretmek, Diwersifikasiýa we ykdysady ösüş üçin gurluş özgertmeleri, Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde zähmet bazarynyň ösüşi ýaly we başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli soraglar ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmen tarapyndan sebitleýin maslahata Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe kafedrasynyň müdiri Abdykerim Muhanow we Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ykdysady nazaryýet kafedrasynyň müdiri Ruslan Jumaýew gatnaşýarlar.

       Türkmen tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň netijesinde durnukly ösüşiň gazanylýandygyny, maliýe we pul-karz ulgamynyň netijeli işleýändigini, salgyt-býujet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny, alnyp barylýan ykdysady syýasatynyň ylmy taýdan barlaglara esaslanýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän kynçylyklara garamazdan Türkmenistanyň makro ykdysady görkezijileri ösüşiň depginli dowam edýändigini tassyklaýar.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz